Atlaryny çalyşmak aňsat bolan howa menzilleri

Atlary zerarly ýalňyş pikir etmeklige sebäp bolýan howa menzilleri Ýewropanyň öňdebaryjy awiasiýa brokeri  Aviav TM (Cofrance SARL) tarapyndan ýüze çykaryldy.

Dünýä awiasiýa terjibesinde çylşyrymly meseleler diýseň ýygydan duş gelýär. Mysal üçin, dispetçerleriň ýeketäk dil ulgamy işlenilip düzülmezden ozal, heläkçilik ýagdaýlarynyň ençemesi bolup geçdi.  Bu çylşyrymlylyk ýagdaýy tutuş dünýä boýunça howa gawanlarynyň atlarynda hem ýüze çykýar – diňe tejribeli syýahatçylary däl-de, eýsem uçarmanlaryň hut özüni hem ýalňyşdyrýan birmeňzeş atly görnüşler bolup, bu ýagdaý diýseň gereksizdir.

Mysal üçin, täze Pariž-Walt Disney howa menzili Parižden 150 km aralykda ýerleşýär. Şol bir wagtyň özünde hem Pariž – Watry Disney iki manyly ady Ryanair howa gatnadyjysynyň ugur sanawyna girýän howa menzili bolup durýar. Aviav TM (Cofrance SARL) kompanivasyny[ hünärmenleri tarapyndan ady ýalňyş pikirlenmäge sebäp bolýan ýeke bir howa menzili däldigi kesgitlendi.

Atlarynda “Pariž” we “Disneý” sözleri bolan halatynda syýahatçylar berlen howa menziliniň paýtagta ýa-da fransuz Disneýlendine golaý ýerleşmegine garaşyp bilerler.  Şeýle hem bolsa, Pariže 150 km aralykda we Mikki Mausyň jadyly korollygyna 112 km aralykda ýerleşen Pariž – Watry Disney howa gawany howa menzilleriniň nädogry sanawynda täze ýokary derejä ýetýär.

Elýeterli bahaly howaýollarynyň aglabasy merkezi howa gawanlary bilen deňeşdirilende has pes ulanyş çykdaýjylary sebäpli, ikinji derejeli howa menzillerine eýedirler, bu bolsa olara býudjet gatnawlaryny teklip etmäge mümkinçilik berýär. Emma käbir şereketleriň mysal üçin şäherden birnäçe kilometr aralykda ýerleşýän şol ýa-da beýleki howa gawanyna gelen we bu ýagdaýda diýseň geň galan ýolagçylary bilen düşünişmezlik meseleleri ýüze çykýardy.

Şeýlelik bilen, Mýunhendäki Memmingen howa menzili aslynda Mýunheniň merkezinden 112 km aralykda ýerleşýär. Oslo Torp Oslodan 110 km aralykda ýerleşýär, EasyJet London Sautend täze bazasy bolsa paýtagtdan 64 km aralykda ýerleşýär (Stanstend we Londony merkezi ýaly aralyk).

Aviav TM (Cofrance SARL) kompanivasyny[ Nissada ýerleşýän ofisinde, barlagyň alnan netijelerine şu görnüşde teswir berýärler: “Ahyrky barylmaly nokadyna baglylykda sebit howa menzilleri örän amatly bolup biler. Emma merkezi şäherlere gitmek isleýän syhaýatçylar sebit howa menziline gelenlerinde wagt we baha görkezijilerini hem göz öňünde tutmalydyrlar we olary merkezi howa gawanlarynyň amatlylygy bilen deňeşdirmelidirler. Eger-de siz, mysal üçin, adynda London barada ýatlatma bolan howa menziline gelseňiz, onda siz onuň paýtagta golaý ýerleşýändigine garaşýan bolmagyňyz ahmal. Şeýle hem bolsa 64 km aralygyň golaý aralykdygyny aýtmak mümkin däldir: bu ýagdaýda Ýokary Normandiýada deňeçer gonuş barada gürrüň etmek bolar, eýsem syhaýatçy Pariže gonmak isleýärdi!”

 

 

Atlary meşhur ýalňyş pikirlenmelere sebäp bolýan howa menzilleri:

  1. Barselona (Girona, Girona-Costa Brava, IATA kodlary: GRO ICAO: LEGE) — Barselona bilen aralygy 94 km.
  2. Barcelona (Reus, Reus IATA kodlary: REU ICAO: LERS) — Barselona bilen aralygy 94 km.
  3. Verona (Brescia, Brescia Montichiari, IATA kodlary: VBS ICAO: LIPO) — Werona bilen aralygy 53 km
  4. Glasgow (Prestwick,Prestwick, IATA kodlary: PIK ICAO: EGPK) — Glasgow bilen aralygy 51 km.
  5. Düsseldorf (Vis, Weeze,  IATA kodlary: NRN ICAO: EDLV ) — Düsseldorf bilen aralygy 80 km.
  6. Batı Münih (Memmingen,, Memmingen, IATA kodları: FMM ICAO: EDJA) — Mýunhen bilen aralygy 112 km.
  7. London Howa Menzili (Oxford, Oxford, Kidlington,  IATA kodlary: OXF ICAO: EGTK) — London bilen aralygy 97 km.
  8. Londra (Southend,London Southend, IATA kodlary: SEN ICAO: EGMC ) — London bilen aralygy 64 km.
  9. London (Stansted, London Stansted, IATA kodlary: STN ICAO: EGSS) — London bilen aralygy 64 km.
  10. Oslo (Thorpe, Sandefjord, IATA kodlary: TRF ICAO: ENTO) — Oslo bilen aralygy 110 km.
  11. Paris – Vatry (Disney, Vatry International, IATA kodlary: XCR ICAO: LFOK) — Pariž bilen aralygy 150 km we Disneyland metropoly bilen aralygy 112 km.
  12. Paris (Beauvais,Beauvais-Tille, IATA kodlary: BVA ICAO: LFOB) — Pariž bilen aralygy 88 km
  13. Stockholm (Skavsta, Skavsta, IATA kodlary: NYO ICAO: ESKN ) — Stokgolm bilen aralygy 95 km.
  14. Tokyo (Narita,Narita, IATA kodlary: SBG ICAO: WITB) — Tokyo bilen aralygy 60 km.

  1. Frankfurt (Hahn, Frankfurt-Hahn, IATA kodlary: HHN ICAO: EDFH) – Frankfurt am Main bilen aralygy 110 km.

Gönüden-göni atlarynda bar bolan şäherlere hyzmat edýän howa menzilleri:

  1. Belfast Howa Menzili (George Best, George Best Belfast City, IATA kodlary: BHD ICAO: EGAC ) — Belfast bilen aralygy 5 km.
  2. Buharest Otopeni Howa Menzili (Henri Coanda International, IATA kodlary:  OTP ICAO: LROP) — Buharest bilen aralygy 7 km.
  3. Wankuwer Howa Menzili (Vancouver Intl, IATA kodlary: YVR ICAO: CYVR) — Wankuwer bilen aralygy 13 km.
  4. Warşawa Howa Menzili (Warsaw Chopin airport) IATA kodlary: WAW ICAO: EPWA — Warşawa bilen aralygy 10 km.

 

 

  1. Wellington Howa Menzili (Wellington International, IATA kodlary: WLG ICAO: NZWN) — Wellington bilen aralygy 7 km.
  2. Honolulu Howa Menzili (Honolulu International, IATA kodlary: HNL ICAO: PHNL)  — Honolulu bilen aralygy 7 km
  3. Cagliari Howa Menzili (Cagliari-Elmas Airport, IATA kodlary: CAG ICAO: LIEE) — Cagliari bilen aralygy 9 km.
  4. London City Howa Menzili (London City Airport, IATA kodlary: LCY ICAO: EGLC) — London bilen aralygy 10 km.

  1. San Diego Howa Menzili (San Diego International Airport, IATA kodlary: SAN ICAO: KSAN) — San Diego bilen aralygy 5 km.
  2. Salt Lake City Howa Menzili (Salt Lake City International, IATA kodlary: SLC ICAO: KSLC) — Salt Lake City bilen aralygy 5 km.
  3. Taipei Sungşan Howa Menzili (Sung Shan, IATA kodlary: TSA ICAO: RCSS) — Taipei bilen aralygy 5 km.
  4. Tallinn Howa Menzili (Ulemiste, Lennart Meri Tallinna lennujaam,  IATA kodlary: TLL ICAO: EETN) — Tallinn bilen aralygy 5 km.
  5. Edinburg Howa Menzili (Edinburgh Airport, IATA kodlary: EDI ICAO: EGPH) — Edinburg bilen aralygy 13 km.
  6. Lissabon Howa Menzili (Lisbon TP, IATA kodlary: ZYD ICAO: EHBK) — Lissabon bilen aralygy 7 km.
  7. Mexico Juarez Halkara Howa Menzili (Benito Juarez International, IATA kodlary: MEX ICAO: MMMX) — Mehiko bilen aralygy 7 km.

Bellenen ýerdäki howa menzilini saýlanyňyzda ünsli boluň, Aviav TM (Cofrance SARL) bilen syýahat ediň!

Ýelena Ksenofontowa