Rusýa Federasiýasynda 2018 ýylda hususy awiasiýa, onuň kämilleşmegi

Поиск и аренда частных самолетов

Rusýa Federasiýasynyň awiasiýa bazary hem agyr günleri başyndan geçirýär. Hususy gatnawlara islegleriň artmagyna mümkinçiligiň döremegi, we Ýewropadaky şahsy gatnawlaryň ýagdaýy barada, AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň fransuz işewürlik – awiasiýasynyň öňdebaryjy merkeziniň müdiri Witaliý Arhangelskiý gürrüň berdi.

itogi 1 - Rusýa Federasiýasynda 2018 ýylda hususy awiasiýa, onuň kämilleşmegi

– Witaliý Dmitriýewiç, 2018 ýyl AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyna nähili täsir etdi? Iş awiasiýasy dünýäsinde nähili üýtgeşmeler bolup geçdi? Dekabr – ýylyň jemini jemlemeli döwür bolup durýar…

– Bu ýyl dartgynly geçdi, garaşylmadyk ýagdaýlary we özüne mahsus üstünlikleri hem boldy. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy barada aýtsak, hemme zat biziň meýilleşdirişimiz ýaly ýerine ýetirildi.

 – Bu ýyl, Rusýada hususy gatnawlara bolan islegleriň birden pese gaçandgy dogrumy?

– Birden diýäňizmi? Bu asla beýle däl. Rusýa barada aýtsak, ol eýýam bäş ýyl bäri peselmegini dowam edýär. ABŞ-da bolsa, mysal üçin, bu isleg örän artýar. Ýewropada bolsa şol öňki derejesinde dowam edýär. Öňki GDA ýurtlarynda – dürli depginde barýar. Biz Özbegistana, Gazagystana, Azerbaýjana, Gyrgyzystana, we ýene-de birnäçe döwletlerine bil bagladyk. Özbegistanda we Azerbaýjanda iş awiasiýasyna bolan islegler ýokarlanýar. Rusýa Federasiýasynda hem müşderilerimiziň sany gaty köp, emma AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy bütin dünýäde iş alyp barýar.

 – Rusýada futbol boýunça dünýä Çempionatynyň geçirilmegi iş awiasiýasynyň bazaryna hiç hili täsirini ýetirmedimi?

– Elbetde bu ýadýaý ýöneligine geçmedi. Şu hakynda hem durup geçesim gelýär. Çempionatyň geçirilen döwri Rusýa Federasiýasyna bilen hususy gatnawlaryň sany örän köpeldi. Biziň birnäçe ýurtlardan sargytlarymyz boldy. Elbetde bular ýaly waka gyzyklanma we uly jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. Awiakompaniýalarynyň adaty çarter gatnawlarynyň sanyny köpeltmegine garamazdan, çempionata şahsy iş – jetynda barmak isleýänler hem az bolmady.

– Çempionatdan galan wagty näme? Rusýada iş awiasiýasynyň bazary häzirki wagtda krizis döwrüni başdan geçirýär diýmek mümkinmi?

– Biz ýagdaýa optimistlerçe garaýarys. Elbetde, ýurduň syýasy we ykdysady hereketsiz ýagdaýy iş awiasiýasynyň ýagdaýyna hem gowy täsir galdyranok. Emma, bu ýyl birnäçe ýyl mundan ozalka garanyňda has şowly bolandygyny belläp geçesim gelýär, özem ýeke bir mundial sebäpli däl. Mysal üçin, Wladiwostokda, sentýabr aýynda Ykdysady forumy geçirildi. Ol ýere şahsy gatnawlary bilen baranlaryň sany köp boldy. Mundan başga-da, Rusýada we daşary ýurtlarda hem, mysal üçin iri telekeçileriň ýa-da başga- da VIP – müşderilerimiziň gatnaşmagy zerur bolan wakalarynyň sany köp boldy. Düzgün bolşy ýaly, iş – awiasiýasyna bolan höwes edil şular ýaly uly çäreler ýüze çykan döwri syn edilýär. Bu ýyl özgeriş döwri bolup, geljek ýyllar bu pudakda uly ösüşlere ýetiler diýip umyt edýärin.

 – Bular ýaly optimistlerçe garamagyňyz näme bilen bagly bolup durýar?

– Umumy tendensiýa bilen. Eýýäm belläp geçişim ýaly, köp ýyllyk durgunlykdan soňra, futbol boýunça Çempionatyny hasaba almanymyzda, hususy gatnawlara bolan isleg ýene-de artyp başlady. Howa kompaniýalarynyň ahmiýetiniň çalyşmagy syn edilýär: eger rus müşderileri öň, esasan, daşary ýurda gatnaýan bolsalar, häzirki döwürde ýapyk çarterlaryň köp sany içerki gatnawlary, aýratyn hem howa kompaniýalarynyň göni gatnawy bolmadyk ýerlerine amala aşyrýarlar.

 Ykdysady stagnasiýanyň hem gowy tarapa üýtgemegi mümkin, juda bolmanda munuň şeýle boljagyna ynanasym gelýär. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýamyzyň bar bolan döwründe, eýýäm on ýyl bäri biz rus müşderileri bilen hyzmatdaşlygymyzy alyp barýarys. Siz dogry bellediňiz. Bu ýyly hasaba almanymyzda, soňky birnäçe ýyl, biziň üçin we biziň müşderilerimiz üçin hem şowly bolmady. Emma bu ýagdaý, ýuwaş – ýuwaşdan bolsa hem öz akymyna girýär, şahsy gatnawlaryň sany barha artýar we mundan beýläk hem şeýle dowam eder diýip umyt edýäris.

itogi 3 - Rusýa Federasiýasynda 2018 ýylda hususy awiasiýa, onuň kämilleşmegi

– Rusýada hususy awiasiýasynyň gatnawlarynyň sany artdy diýip bellediňiz. Başga-da nähili üýtgeşmeler bolup geçdi?

– Bu esasy we has hem möhüm üýtgeşme bolup durýar. Bu gün, rus müşderilerimiziň köp bölegi ýurduň içinde gatnawlary amala aşyrýarlar. Öň ýagdaý bular ýaly däldi. Ýene-de, Hytaýa hem gatnawlar güýçli depginde artýar. Eger-de bäş ýyl mundan ozal, gatnawlaryň köpüsi Ýewropanyň London, Pariž ýaly uly paýtagt şäherlerine amala aşyrylan bolsa, bu gün Týanszin, Çunsin, Guançžou, Şençžen, Şanhaý ýaly şäherlere hem gatnawlary ýola goýulan… Şahsy maksatlar üçin gatnawlaryň tendensiýasynyň azalmagy syn edilýär (biz häzir diňe Rusýa barada gürrüň edýänimizi ýatladaýyn). Bu gün maşgala bolup syýahat etme ýa-da toý gezelenji – rus bazarynda seýrekleşdi. Ýene-de, bäş – ýedi ýyl mundan ozal şular ýaly sargytlar köp bolýardy. Biziň döwrümizde, bular ýaly gatnawlarda işli adamlar, müdirler ýa-da uly kompaniýalaryň işgärleri, iri jemgyýetçilik şahslary gatnaýarlar. Şol bir ABŞ-da ýa-da Ýewropada bular ýaly tendensiýa ýok: iş we şahsy gatnawlaryň baglanşygy düýbünden üýtgänok.

Смотрите также:  Bombardier Learjet 40XR

 – Meň bilişimçe, Siziň kompaniýaňyz kiçi awiasiýa bilen hem işleýär. Bu babatda bu ýyl işler nähili ýagdaýda boldy?

– Ajaýyp, ýöne Rusýada däl. Rusýada, biz kiçi awiasiýa işinde kynçylyk çekýäris. Bu günki günde onuň kämilleşmegine hiç hili mümkinçilik ýok, muňa bolsa awiasiýa kanunçylygynyň günäsi bar. Uly bolmadyk howa gämileri özüniň kuwwatyny saklaýan kiçi böleklerini ulanýarlar. Ýewropada we ABŞ-da bolsa hemme zat düýbünden başgaça. Adamlar “konstruktor-uçarlary” satyn alýarlar, käbirleri bolsa ony, şaýlaryny toplap özleri jemläp- gurnaýarlar, garažlarynda saklap islän ýerine özleri uçmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Biri-birine golaý ýerleşen şäherler arasyndaky gatnawlar üçin, dürli görnüşli eltip bermeler, howadaky gezelençleri we başga-da görnüşli maksatlar üçin “howa taksilerine” bolan isleg barha artýar.

 Rusýada bu zatlaryň ählisi diýen ýaly gadagan! Diňe çäklendirilen gözden geçirme uçuşlaryna, howa klublaryndaky ýerli okuwlaryna rugsat berilýär. Olary ýola goýmak üçin mümkin bolan ähli ygtyýarlyklary ýola goýýançaňyz bolsa, uçmaga bolan höwesiňiz hem eýýam ýitýär. Dikuçarlarda ýolagçylary gatnatmagy şol bir howa kompaniýalary teklip edýärler: bu hiç hili oňaýlyklary we şahsy golaýlaşmalary bolmadyk adaty gatnawlary bolup durýar. Bäsdeşlik ýagdaýy bolmansoň olaryň nyrhy hem ýokary bolýar. Hususy gatnawlary üçin bolsa müňlerçe rugsatnalaryň resmileşdirilmegi talap edilýär, olaryň berilmezligi hem mümkin.

– Näme sebäpden Rusýada ýagdaý beýle kynlaşan?

– Munuň sebäbi ýene-de şol ykdysadyýetdäki durgunlyk. Mundan başga-da, hökümetimiz, eger ýagdaý ýeňilleşdirilse, “her öňüne gelen” adamlaryň ählisi uçup başlamaklary bilen, howa heläkçilikleriniň sanynyň köpelmeginden gorkýan hem bolmagy mümkin. Ýöne şular ýaly ýokary düşewüntli bolan pudagynyň işiniň ýola goýulmazlygy diýseň gyndandyrýar. Adamlar munuň netijesinde gazanç etmek mümkinçiligine eýe bolardylar. Ýewropa ýurtlarynda bu iş ýola goýulan, biziň ýurdumyzda bolsa kiçi awiasiýa düýbünden ýok ýaly. Ýakyn golaýda ýagdaýyň üýtgejegine hem gözüm ýetenok. Biz höwes bilen, mysal üçin Fransiýada edişimiz ýaly islendik maksatlary üçin kiçi uçarlaryny ýetirip bilerdik welin, bu ýerde ýagdaý has çylşyrymly bolup durýar.

– Diýmek, siziň sargytlaryňyzyň köpüsi Ýewropada, şeýle dälmi?

– Elbetde! Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda ýeňil uçarlary uly meşhurlykdan peýdalanýarlar. Fransiýada bolsa dikuçarlar meşhur: olar gezelençler üçin hem, şäher arasynda taksi hökmünde ýa-da dag – lyža saglygy dikeldiş öýlerine uçmak maksadynda ulanylýarlar. Käwagt dikuçarlar meýdançasy göz öňüne tutulan ýahta gonmak maksadynda hem ulanylýar. Umuman aýtsak, ýeňil howa gämileri üçin biziň Ýewropada ähli şertlerimiz bar. Söwda awiasiýasy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň sany hem köp bolansoň, munuň netijesinde bäsdeşlik ýokarlanýar, hyzmatlaryň hili ýokarlanýar, olaryň bahalary hem “orta gatlak” üçin hem elýeter bolýar.

Ýene-de bellemek isleýän zadym bu heläkçilikler. Siziň görşüňiz ýaly hiç hili hadysalar we heläkçilikler ýüze çykanok. Sebäbi ähli awiasia kanunlary berk berjaý edilýär. Meniň pikirimçe Rusýada hem öz janyny howp astyna goýmak ýa-da bular ýaly kanun bozulmalary üçin jogapkärçilik çekmek isleýän ýok bolsa gerek. Kiçi awiasiýanyň ösdürilmegi rus biznesmenlary üçin örän peýdaly bolardy diýip pikir edýärin. Kiçi uçary ýa-da dikuçary sargamak, orta magistrala garanyňda arzan hem bolýar, dürli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hem olarda ähli mümkinçilikleri bar: adam gatnatmak, kärhanalara gözegçilik etmek, ýük daşamak. Olaryň ýerine ýetirýän işleri hiç kime garaşly däl: etmelimi – diýmek etmeli, jaň etdilermi – edil takside barşy ýaly ýola düşübermeli.

– Rusýada hususy uçarlary satyn almak meselesi nähili ýagdaýda? Siz uçar satmak bilen hem meşgullanýarsyňyz şeýle dälmi?

– Hawa, biz uçar satmak bilen hem meşgullanýarys. Emma Rusýada hususy uçary satyn alýanlaryň sany az. Özleri hem ulanyşda bolan kysymly uçarlara isleg köp bildirýärler. Uçar bazarynda hem häzirki wagtda täze teklipleri örän köp: bu ýerde olara köp isleg bildirilýär, şonuň üçin täze jetleri sargamagyň peýdasy ýok.

Howa gämilerini esasan hem iri kärhanalar satyn alýarlar. Soňra olaryň işini dolandyrýan kompaniýalaryna kireýine berýärler we şeýdip öz çykdajylarynyň öwezini dolýarlar. Kärhanalaryň eýeleriniň däl – de işgärleriniň gatnawlara köp gitmegi bilen, uçaryň satyn alynmagynda, uçaryň bortunyň ýagdaýy bilen az gyzyklanýarlar, esasy zat – bu uçuş häsiýetleriniň kanagatlanarly ýagdaýda bolmagy, gämi – oňaýly we howpsyz bolmaly, täze bolmagyna zerurlygy hem ýok.

Смотрите также:  На выставке HeliRussia будет продемонстрировано оффшорное вертолетное оборудование

– Ýewropada iş ýagdaýlary nähili barýar?

– Ýewropada hem şular ýaly, ýöne bu ýerde satuw köp bolýar. Uçar satyn alanlarynda hem uçuş häsiýetlerine eýe bolan uçarlary satyn alýarlar. Täze uçarlara gelsek, soňky wagtda olary şahsy buýurma esasynda “noldan gurmak” tendensiýasy ýokarlanýar. Edil şu ýyl, müşderilerimiziň şular ýaly islegleriniň sany artdy, belki bu bazaryň aýlanşygy güýçli depginde öňe gider.

– Näme üçin? Munuň üçin, belki uzak wagt we köp serişde gerek bolar ahyry?

– Hawa uzak wagt gerek bolýar. Emma, awia kärhanasyna, mysal üçin, uzak wagtdan bäri gelýän Bombardier Challenger kysymyny sargyt edip satyn almak bilen deňeşdirilende, bahasynda utup hem bilersiňiz. Tehnologiýalar güýçli depginde kämilleşýärler, has tygşytly materiallary döredilýär. Howa gämisiniň işläp taýýarlanylmagynda onuň ekologiýa taýdan howpsuzlygy göz öňüne tutulmaly, sebäbi ýyl ýyldan daşky gurşawyň hapalanmagy üçin has ýygydan we agyr jerimeleri salynýar. Kiçi uçarlary hakynda aýtsak, olary taslamalaşdyryp gurmak has hem ýeňilleşýär.

Mundan başga-da, uçaryň ýasalmagynda, onuň geljekgi eýesiniň isleglerini nazara alyp, şahsan özi üçin ýasalmagy wajyp bolup durýar. Howpsuzlyk ulgamynyň hem has döwrebap bolmagy zerur, olaryň hem gün – günden görnüşleri täzelenýär. Şonuň üçin hem “täze döredilen” görnüşini[, eýýäm taýýar bolan täze görnüşinden has köp bähbitli taraplary bar. Wagt hem gaty kän sarp edilenok, sebäbi belli öndürijiler üçin sargytlary birnäçe ýyl öňünden bellige alynan bolmagy mümkin. Has çalt görnüşi bolsa – bu b/u uçaryny Ýewropada we Demirgazyk Amerikada satyn almak bolup durýar. Bu ýerde hem bu kysymy has köp ýaýran.

– Rusýa barada ýene nämeler aýdyp bilersiňiz? Iş awiasiýasynyň çalt ösmegine, ykdysady durgunlykdan ýa-da awiasiýanyň kanunçykaryjylygynyň aýratynlyklaryndan başga-da ýene näme päsgel berýär?

– Bular esasy faktorlar bolup durýar. Emma, men howa menzillerine hem üns bermeli diýip pikir edýärin. Işli adamlar, adaty däl çözgüt gözleýärler, olara howa menzileri ýok bolan ýerinde howa menziliniň zerurlygy ýüze çykýar. Rusaýada durky täzelenmedik, taşlanan howa menzilleriniň sany, ganansakda örän köp.

Hususy uçarlary üçin howa menzili diýen düşünje düýbünden ýok, bolmaz hem diýip umyt edýärin. Bar bolan howa menzilleriniň hem uçarlara hyzmat etmegi üçin amatlyklary ýok: serwis merkezleri, ýangyç guýýan nokatlary… Howa çatryklarynyň sany hem ugurlaryň köpelmegi üçin ýeterlik däl. ABŞ-da, mysal üçin – 15 müň howa menzili bar, Braziliýada – 4 müň, Rusýada bolsa olaryň sany müňden azajyk geçýär. Bu san köp görünmegi hem mümkin, emma olaryň deň ýarysy ulanyşdan çykyp, durkunyň täzelenmegi zerur. Bu bolsa kiçi awiasiýanyň kämilleşmegini kynlaşdyrýan sebäpleriniň biri bolup durýar. Kiçi uçarlary Domodedowo howa menziline gonmazlar ahyry.

itogi 2 - Rusýa Federasiýasynda 2018 ýylda hususy awiasiýa, onuň kämilleşmegi

– Siziň kompaniýaňyza dolanalyň. Bu ýylda ýene nähili ýatdan çykmajak wakalar boldy?

– Biziň esasy gazanan üstünligimiz bu 2018-nji ýylyň noýabr aýynda, iş awiasiýanyň auditi pudagynda öňdebaryjy diýip hasap edilen, Wyvern Ltd guramasynyň agzasy bolmagymyz. Bu babatda, ýeke Fransiýada däl, eýsem Ýewropa Bileleşiginde hem biz bular ýaly abraýly derejä ilkinjileriň hatarynda bolup eýe bolduk. Sebäbi Wyvern Ltd bilen hyzmatdaşlyk saklamak Wingman ýokary standartlaryny berjaý etmegi aňladýar we biziň müşderilerimize howpsuz uçuşlary kepillendirýär.

 Mundan başga-da biziň internet arkaly uçary gözlemek we saýlamak boýunça seýrek duş gelýän ulgamymyz hem hereketini işjeň dowam edýär. Müşderi öz islegine görä uçaryň kysymyny kesgitläp, biziň web sahypamyzda bronlap bilýär. Bu günki müşderiler ähli döwrebap maglumat serişdeleri bilen üpjün edilen bolmaly we biznes-jetini kireýine almak boýunça şertnama baglaşmak aýdyň şertlerinde alnyp barylmaly. “Özbaşdak” sargytlaryň sany barha artýar. Başga-da birnäçe peýdaly internet – hyzmatlarymyz hem bar, mysal üçin biziň portalymyzda, gerekli uçaryň häzirki wagtda nirede ýerleşýänini, ugryň haýsy nokadyndan barýanyny bilmek üçin ony yzarlamak mümkin. Gerekli ugruňyzda Empty Legs (bir tarapa boş giden ugurdaş uçuş) uçarlarynyň barlygyny hem çalt barlap bilersiňiz.

Biziň AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýamyz lukmançylyk gatnawlaryny amala aşyrmakda hem öňdebaryjy ornuny eýeleýär…

– Syrkawa, bortynda hassahana palatasy bolan ýörite uçar bilen üpjün edilendemi?

 Hawa, hut şeýle. Bu ýyl bu pudakda “ähli üpjünçiligi bar bolan”sargytlarymyzyň az boldy. “Ähli üpjünçiligi bar bolan”- bu biziň gerekli uçary tapyp, bejeriş prosesini gurnamagymyza aýdylýar: klinika bilen şertnama baglaşýarys, gatnawy dolylygyna ýerine ýetirýäris, şol sanda ýerdäki ulag bilen hem. Saglygyny dikeltmek üçin ýaşaýyş jaýy we ol ýerde hyzmat edýän şahs bilen hem üpjün edýäris. Bular ýaly hyzmatlardan adatça daşary ýurda çaga dogurmak maksady bilen gelen aýallar peýdalanýarlar.

Смотрите также:  11 дельных советов по аренде авто или скутера за рубежом

 Bu ýyl lukmançylyk gatnawlarynyna Ýewropanyň içinde köp sargyt boldy. Olaryň ählisi diýen ýaly ýörite howa gämilerini sargyt edip, bortda hem lukmançylyk işgärlerine isleg bildirdiler. Muny şeýle düşündirse bolýar: daşary ýurtdan gelen adama başga ýurtda baş alyp çykarmak kyn bolýar we oňa islendik sorag boýunça kömekçi gerek bolýar, ýerli ýaşaýjylarda bolsa bular ýaly kynçylyklary ýüze çykanok.

 Geljek ýyl, esasy ünsi ýük awiasiýasynyň we eltip berme hyzmatlarynyň ýokarlanmagyna bermegi meýilleşdirýäris. Bu ugurda bu ýyl hem meşgullandyk, birnäçe şowly şertnamalary baglaşdyk we mundan beýläk hem onyň kämilleşdirilmegini göz öňüne tutýarys. Ýükleri, iýmitleri, harytlary, resminamalary howada daşamak ähli döwürde we islendik ýurtda hem aktual bolup durýar. Biziň esasy wezipämiz – beýleki kompaniýalaryna garanyňda, müşderilerimize has amatly hyzmatdaşlyk şertlerini teklip etmek bolup durýar. Käwagt bolsa AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy hem bu ugurda işleri alyp barýandygyny ýatlatmagyň zerurçylygy ýüze çykýar. Sebäbi iş awiasiýasy köp adamlarda ähli oňaýlyklary bolan ýolagçy gatnawlary bilen bagdaşdyrylýar.

 – Hakykatdan hem, ýük gatnadylýan uçarlar adatça uly uçarlary ýaly görünýär…

– Ýük daşamak üçin hemişe uly uçaryň geregi ýok. Köplenç ýolagçylary gatnadýan adaty jet hem ýeterlik bolýar. Ýük daşaýan uçaryň aýratynlygy onda harytlary, azygy, ýa-da mysal üçin haýwanlary daşamak üçin ýörite oňaýly şertleri döredilen bolýar.

– Bu ýylda Sizi haýran galdyran zat boldumy?

– O diýerli haýran galdyran zat bolmady, ýöne ýüze çykan bir täsinlik bu – aralaşdyrylan hyzmatlary bolan syýahata bildirilen isleg boldy. Bular ýaly ýagdaýlarda biz ýeke bir uçar bilen üpjün etmäni, eýsem çylşyrymlaşdyrylan ýerdäki gatnawy hem gurnaýarys. Mysal üçin müşderimiz uçar bilen Nissa gelýär, ol ýerden ony dikuçarda gämä alyp gidýärler, gämi bolsa Sardini kenaryna getirýär, ol ýerde müşderimiz limuzin ulagy bilen üpjün edilýär, soňra ýene-de gämide Korfa äkidýäris, ol ýerde bolsa, ol motosikl ýa-da at araba münmäge isleg bildirýär… Şular ýaly gezelençleri sargyt eden müşderilerimiz hem köp boldy. Hakykatdan şular ýaly “köp basgançakly” gezelenji gurnamak aňsat däl. Sebäbi bular ýaly syýahatlara diňe gurply adamlar gidip biýärler we ähli zat olaryň isleýşi ýaly bolmaly we hiç ýerde garaşmaly bolmaly däl. Taýýar çözgüdiň ýoklugy ýagdaýy kynlaşdyrýar, ýöne biz şonda-da baş alyp çykýarys.

– Geljek ýyla meýilleriňiz barmy ?

 Elbetde, meýilleşdiren işlerimiz gaty köp. Iş awiasiýasynyň mümkinçilikleri çäksizdir, bu pikirleri müşderilerimize ýetirip has elýeter etmeli. Meýilnamamyzda – täze internet – hyzmatlarynyň döredilmegini, üýtgeşik bäsdeşlik etmäge ukyply teklipleri, goşmaça-da birnäçe iş jaýlarynyň açylmagyny, peýdaly hyzmatdaşlaryň gözlegini, aýratyn hünärmenleriň okadylmagy we halkara derejesinde bolan barlagyň alynmagyny, awtomatlaşdyrylan arzanladyş ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýarys. Biziň eýýäm başlanan taslamalarymyzy üstünlikli tamamlamak, täze şertnamalary baglaşmak, hyzmatdaşlyk saklaýan müşderilerimize ýokary hilli hyzmatlary ýetirmegi dowam etmegimiz, ähli esasy ugurlary ösdürip kämilleşdirmegimiz hem wajyp bolup durýar. Munuň aňyrsynda, islendik ösüşlere eýe bolýan kompaniýalarda bolşy uly zähmet ýatyr.

itogi 4 - Rusýa Federasiýasynda 2018 ýylda hususy awiasiýa, onuň kämilleşmegi

– Rusýada iş awiasiýa hyzmatlaryny kämilleşdirmegini dowam etmekçimisiňiz ýa-da has amatly döwürlere garaşmak isleýärsiňizmi?

 Hökman dowam ederis. Rusýa biziň birinji ugurlarymyzyň biri bolup dur we şular ýaly dowam eder. Biz mümkin boldugyndan hususy uçarly elýeterli etmäge çalyşarys. Hususy uçarlary rus telekeçilerine, ylmy we jemgyýetçilik şahslaryna hakykatdan hem wajyp meseleleri çözmäge ýardam eder diýip umyt edýäris.

Gürrüňdeşligi garaşsyz habarçy Nikolaý Danilow alyp bardy.