Отзывы клиентов

Nikita D.AVIAVTM(CofranceSARL) broker şereketine Moskwadan Deli şäherine ýakymly we çalt uçuş üçin minnetdar. Challenger 605 “klassygyny” saýladyk. Salon örän amatly, ukypy almak bolýar, gyzgyn öýlänlik naharyny borta ketering-şereketi üpjün etdi. Uçuşda işgärlerimiz bilen wagtymyzy örän gowy geçirdik. Biznes-synpa degişli awtoulagda transfer uçuşy – umumy bukja degişli. Uçuş wagtyny özümiziň bellemegimiz diýseň ýakymly we uçar “Wnukowo” howa menzilinden bellenilen minudynda uçdy. Bizness-uçuşlary üçin aýratyn terminal hem uly aýratynlyk. Hyzmaty haladyk.

Waleriýa Şmelýowa.Toý uçaryny kärendä almak diýseň gowy geçdi! Şereketiň toý syýahatlaryna degişli ýörite öz saýty hem bar. Bort owadan bezelen, toý saçagy düşelen. Biz gaty begençli!!!

StasOtр.“Kofrans” şereketinden Çikago boýunça dikuçarda syýahat – bu diýseň üýtgeşik! Ajaýyp täsirler we haýran galdyrýan owadanlyk! Biziň üçin bahasy ortaça bahadan pes bolan görnüş tapdylar. Ýatdan çykmajak tejribe, maslahat berýäris!

Ýewgeniý Minaýçew.Uçar sargamak üçin amatly häzirkizaman hyzmat. Ähli opsiýalary onlaýn saýlamak bolýar. Çarter teklibi gürrüňsiz işleýär. Ýüklediň – we ähli hususy uçarlar jübiňde. AVIAV TM menejeri hem onlaýn hem-de telefon arkaly aragatnaşykda, şol sebäpli hem bir zat zerur bolsa ähli meseleler dessine çözülýär.

Wioletta.Örän geň ýagdaýa düşdük: kakam Izrailde daşary ýurt klinikasynda biwagt aradan çykdy. Ätiýaçlandyrma boýunça jesediň äkidilmegi tölenmelidi, emma bu prosesi özümi gurnamaly bolduk. Biz şok ýagdaýdadyk we öňümize çykan ilkinji şerekete ýüz tutduk, bu şereket hem AWIAW şereketidi. We bu biziň üçin bize hiç kimiň hiç bir meselede ýardam bermek niýeti bolmadyk,  diňe resmi ýagdaýda birnäçe zerur bolmadyk söz aýtdylýan ýat ýurtda hakyky halas edişlik boldy. AWIAW şereketinde biziň üçin hususy uçar bilen tabydyň howa arkaly äkidilmegini tutuşlygyna gurnadylar. Aýal doganym bilen men hem şol uçarda uçduk. Şereket resmi amallary gysga wagtyň içinde amala aşyrdy, olar zerur bolan ähli resminamalary üpjün etdiler, aradan çykan kakamyz we Ýekaterinburgdaky öýümiz üçin zerur bolan ähli zatlary we esbaplaryň satyn alynmagyna degişli alada etdiler, umuman jaýlama amalyny guradylar. Bize psihologyň kömegini teklip etdiler we bu biziň ýüz öwren zatlarymyzyň ýekejesidi. Galan ýagdaýlarda ähli hyzmatlar örän zerurdy we biz şerekete goldaw we operatiwlik üçin minnetdarlyk bildirýäris.

Pasha 67. 2018-nji ýylda janköýerlerimizi futbol boýunça dünýän çempionatyna äkitmek üçin uçar kärendä aldyk. Batumiden Kazana göni uçuş ýokdy, we biz bizness-jetiň biziň şereketimiz üçin iň amatly görnüşdigine karar berdik. AVIAV TM şereketine ýüz tutduk we olaryň sportçylar we janköýerleri äkitmek üçin ýörite hyzmatynyň bardygyny bildik. Ajaýyp! Uçuş gowy geçdi, biz oýna bardyk, şeýle-de AVIAV TM şereketi bize şol döwürler myhmanhana bronlamak kyn bolmagyna garamazdan myhmanhana bronlamakda ýardam berdiler. Gysgaça aýdanymyzda, şereketi maslahat berýäris, ähli zady gowy gurnadylar.

Filipp Drozdow.Ýewropa çemeleşmesi we hyzmaty bolan adaty broker şereketi. Mälim bahalar, ähli zadyň bahasy görkezilen doly sanaw berilýär. Näme üçin töleg töleýändigiň görenden düşnükli. Hususy awiasiýa bolsa – hemmeler üçin däl, bu düşünkli. Käbir adamlar üçin bu hili hyzmatlar aktual, ýüz tutuň, ynamdar edara.

Jon Lawanski.AVIAV TM (Cofrance SARL) şereketini amatly bahadan uçar kärendesi üçin ýüz tutduk. Itleri sergä äkitmek zerurdy. Tygşytly uçuş tapdyk we ony başdan soňuna çenli guradyk.Haýwanlar üçin hiç hili çäklendirme ýok: meniň bilen bilelikde salonda uçdular, hiç hili ynjalyksyzlyk bermediler. Olar üçin aýratyn iýmit berildi, ähli zat sargaýşymyz ýaly boldy. Ähli soraglara we meselelere düşünmek bilen çemeleşilendigi bize ýarady, itleri äkitmek üçin zerur bolan resminamalary resmileşdirmäge ýardam berdiler. Indiki gezek hem bu şerekete ýüz tutaryn.

 

Panayothis. Haçanda Rimden Mýunhene gyssagly gitmeli bolanda ýekeje gezek bu şerekete ýüz tutdum. Enemi kislorod ballony bilen bilelikde äkidenligimiz üçin adaty uçar bize gabat gelenokdy. Bagtymyza Empty Legs uçuşy bardy, bu kärendä seredeniňde has arzan. Şereketiň menejeri ony uçuşdan edil birki sagat ozal bronlap ýetişdi.Netijede ähli zat diýseň gowy geçdi.

 

George. Oňat şereeket, gürrüňdeş bolmakdan ýakymly täsirler galýar. Bahalar hemme ýerdäki ýaly, emma uçar saýlawy agirt. Ugradýan oglan örän şahandaz.